Russiýa, Ýaponiýa we ABŞ-na Berk Duýduryş Berdi

Russiýa täze deňizasty raketa goranyş ulgamynyň Ýapon deňizinde üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirlendigini habar berdi

1823328
Russiýa, Ýaponiýa we ABŞ-na Berk Duýduryş Berdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi, täze deňizasty raketa goranyş ulgamynyň Ýapon deňizinde üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirlendigini habar berdi.

Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli goýlan sanksiýalardan soň Russiýa-Ýaponiýa gatnaşyklarynyň barha dartgynlaşýan günlerinde Moskwa sebitde dartgynlygyň has-da güýçlenmegine sebäp boljak göçüm etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi, täze deňizasty raketa goranyş ulgamynyň Ýapon deňizinde üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirlendigini habar berdi.

“Otwet” ulgamy arkaly uçurlan raketanyň kesgitlenen suwasty nyşanany üstünlikli ýagdaýda urandygy ýatladyldy.

50 kilometr atyş menzili bolan “Otwet” ulgamy bilen uçurlan raketalar deňiziň 800 metr aşagyndaky nyşanalary urup bilýär.

Moskwanyň bu synag bilen Ýaponiýa we ABŞ-na berk duýduryş berendigi aýdylýar.

 

 

 


Etiketkalar: #synag , #ABŞ , #Russiýa , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar