BMG, Ukrainanyň Portlarynyň Gyssagly Açylmagy Üçin Çagyryş Berdi

“Şu günki günde Ukrainanyň ammarlary galladan doly. Şol bir wagtda dünýäde 44 million adam bolsa açlyga tarap barýar"

1823358
BMG, Ukrainanyň Portlarynyň Gyssagly Açylmagy Üçin Çagyryş Berdi

BMG, Ukrainada öndürilýän azyk önümleriniň erkin ýagdaýda dünýä ýurtlaryna ýetirilmegi üçin Odessa sebitindäki portlaryň gyssagly açylmagy üçin çagyryş berdi.

BMG-nyň Azyk meýilnamasyndan berlen ýazmaça beýannamada, “BMG-nyň Azyk Meýilnamasy şu gün Ukrainada öndürilýän azyk önümleriniň erkin ýagdaýda dünýä ýurtlaryna ýetirilmegi üçin Odessa sebitindäki portlaryň gyssagly açylmagy üçin çagyryş berýär”diýildi.

BMG-nyň Azyk Meýilnamasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Dewid Beasley, “Şu günki günde Ukrainanyň ammarlary galladan doly. Şol bir wagtda dünýäde 44 million adam bolsa açlyga tarap barýar. Azyk önümleriniň Ukrainadan çykarylmagy üçin portlar gyssagly açylmaly” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar