Lukaşenko Russiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Russiýa-Ukraina söweşiniň garaşylanyndan uzak wagt dowam edendigini beýan etdi

1822580
Lukaşenko Russiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly ABŞ-nyň "Associated Press" habarlar agentligine beýannama berdi. 

Russiýanyň Ukrainadaky "operasiýasynyň" bular ýaly uzak wagtlap dowam etjekdigini pikir etmändigini aýdan Lukaşenko, söweşi bes etmek üçin ähli zady edýändigini öňe sürdi. 

Lukaşenko Russiýanyň Ukrainadaky söweşi barada: "Ruslaryň diýişi ýaly meýilnama görämi ýogsam, meniň duýuşym ýaly uzak wagtlap dowam edendigini aýtjak derejede bu mesele bilen bagly köp pikir ýöretmeýärin. Ýene-de bir gezek nygtap geçmek isleýärin, bu operasiýanyň wagtyň uzandygyny duýaryn" diýip nygtady. 

Ukrainanyň Russiýany öjükdirendigini, emma Belarussiýanyň parahatçylygyň tarapdarydygyny aýdan Lukaşenko: "Biz hiç bir söweşi düýbünden kabul etmeýäris. Söweş bolmasyn diýip ähli zat etdik we edýäris. Siziň we meniň saýamda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda gepleşikler başlady. Emma öz topraklarynda söweş dowam edýän Ukraina, näme sebäpli harby göreş alyp barýar, adamlar ölýär, Ukraina näme sebäpli gepleşikler bilen gyzyklanmaýar?" diýip belledi. 

Aleksandr Lukaşenko, Belarussiýanyň Ýaragly güýçleriniň düýn başladan harby türgenleşiginiň hiç kime howp salmaýandygyny belläp: "Bize kimiň garşydygyny bilýäris, şol sebäpli biz bular ýaly görnüşli çaknyşygy başlatmak üçin howp ýetirmeris. Bu ýerde söweş çürt-kesik Belarussiýanyň bähbidine däl. Günbatar arkaýyn ýagdaýda ýatyp biler" diýdi. 

Ýadro ýaraglaryň ulanylmagynyň kabul edilmesizdigini aýdan Lukaneşnko, Russiýanyň olar ýaly görnüşli meýilnamasynyň bolup-bolmandygyny aýdyp biljek däldigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar