Russiýa, Premýer-ministr Kişida Fumio Bilen Birlikde Ýaponiýaly 63 Ýolbaşça Sanksiýa Goýdy

Sanksiýalaryň çäginde 63 ýapon raýatynyň Russiýa girmegi gadagan edildi.

1822012
Russiýa, Premýer-ministr Kişida Fumio Bilen Birlikde Ýaponiýaly 63 Ýolbaşça Sanksiýa Goýdy

Russiýa, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio bilen birlikde ýaponiýaly ýokary derejeli 63 adama sanksiýa goýdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, ýapon hökümetiniň Russiýa garşy başladan kampaniýasynyň, alyp barýan tutumynyň we atýan hemleleriniň kabul edilmesizdigi nygtaldy.

Beýannamada, Ýaponiýanyň ýagşy niýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ortadan aýyrmaga, rus ykdysadyýetine we Russiýanyň halkara derejesindäki mertebesine zeper ýetirmäge çalyşýandygy ýatladyldy.

Beýannamada, ýapon hökümetiniň rus raýatlaryna goýan sanksiýalaryndan soň, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio bilen hökümet agzalaryndan we halk deputatlaryndan ybarat 63 adama sanksiýa goýulmagy hakynda kararyň kabul edilendigi bellenildi.

Sanksiýalaryň çäginde 63 ýapon raýatynyň Russiýa girmegi gadagan edildi.



Degişli Habarlar