Russiýa Azowstaldaky asuda ilatyň ewakuasiýa tapgyry barada beýannama berdi

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy

1822196
Russiýa Azowstaldaky asuda ilatyň ewakuasiýa tapgyry barada beýannama berdi
Azovstal siviller tahliye.jpg
Azovstal.jpg

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň Mariupol şäherindäki Azowstal metallurgiýa zawodyndaky asuda ilatyň ewakuasiýasy üçin 3 günüň dowamynda kesgitlenen wagt aralygynda çaknyşyklaryň bes ediljekdigini we ynsanperwer geçelgeleriň açyljakdygyny habar berdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Russiýanyň hökümediniň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp kabul eden kararyna laýyklykda Azowstal meýdançasynda ewakuasiýa koridory açylar" diýip mälim edildi. 

Beýanatda: "Russiýanyň Ýaragly güýçleri 5-nji, 6-njy we 7-nji maýda Moskwanyň wagty bilen sagat 08:00-dan başlap 18:00-a çenli Azowstal metallurgiýa zawodynyň meýdançasyndan işgärlerden, zenanlardan we çagalardan ybarat asuda ilatyň ewakuasiýasy üçin ynsanperwer geçelge açar" diýip habar berildi. 

Resmi Kiýewe maglumatyň berilendigi bellenen beýanatda, Russiýanyň harby birikmeleriniň we separatist toparlaryň birtaraplaýyn häsýetde çaknyşyklary bes etjekdigi, howpsuz aralyga çenli çekiljekdigi barada maglumat berildi. 

Beýanatda ewakuasiýa ediljek asuda ilatyň isleseler Russiýa Federasiýasynyň topraklarynyň çägine isleselerem resmi Kiýewiň gözegçiligindäki islendik sebite gitmegine rugsat beriljekdigi aýan edildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi düýn Mariupol şäherindäki Azowstal metallurgiýa zawodynda ewakuasiýa sebäpli ýola goýulan od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünini bozan Ukrainanyň harby güýçlerine garşy hüjüm başladandyklaryny habar beripdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar