Belarussiýanyň goşuny harby türgenleşige başlady

Belarussiýanyň Goranmak ministrligi ýurdyň Ýaragly güýçleriniň harby türgenleşige başlandygyny mälim etdi

1821954
Belarussiýanyň goşuny harby türgenleşige başlady

Belarussiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Belarussiýanyň Ýaragly güýçlerinde reaksiýa güýçleriniň duýdansyz synagynyň başlandygy bellenip, şol wagt aralygynda harby birikmeler bilen harby toparlaryň söweşe taýarlykly bolmak, kesgitlenen sebitlere gitmek we söweş tälimlerini ýerine ýetirmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirjekdigi habar berildi. 

Harby birikmeleriň tiz üýtgeýän ýagdaýda meýdanyň bilinmedik sebitlerinde synag geçirjekdigi bellenen beýanatda: "Synagyň maksady esgerleriň bolup biljek krizise garşy tiz ýagdaýda çäre görmäge taýar bolup-bolmandygyny we mümkinçiliklerini gözden geçirmekdir" diýip aýan edildi. 

Beýanatda: "Dowam edýän işler iň täsirli harby tälim usullarynyň biridir we bir bütewi hökmünde Ýewropanyň jemgyýedi üçin we esasan hem goňşy ýurtlar üçin hiç hili howp emele getirmeýär" diýip habar berildi. 

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin we Belarussiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenko düýn agşam telefon arkaly söhbetdeş bolupdylar. 



Degişli Habarlar