Baýden Ak Tamda Oraza Baýramy Mynasybetli Banket Berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak Tamda Oraza baýramy mynasybetli banket berdi.

1821597
Baýden Ak Tamda Oraza Baýramy Mynasybetli Banket Berdi

Baýden banketde sözlän sözünde “Amerikaly musulmanlar ýurdumyzy hasam güýçlendirýär” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Oraza baýramy mynasybetli beren bankedine musulman jemagatynyň öňbaşçylary gatnaşdylar.

Türkiýäniň ABŞ-daky İlçisi Murat Merjanyň gatnaşmagyndaky banketde çykyş eden Jo Baýden, musulmanlaryň baýramyny gutlady.

“Amerikaly musulmanlar ýurdumyzy hasam güýçlendirýär” diýen Baýden, dini ynanç azatlygynyň Amerikanyň başlangyç gymmatlyklaryndan biridigini nygtady.

Oraza aýynyň ýatladýan gymmatlyklarynyň jemgyýetçilik ähmiýetine ünsi çeken Baýden, Kowid-19 sanjymy bilen bilelikde musulmanlaryň ähli ugurda bitin adamzadyň ösüşine goşantlar goşýandygyny beýan etdi.

Banketde çykyş eden Muhammed metjidiniň ymamy Talib Şerif bolsa, jemgyýetleriň arasyndaky doganlyk we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähmiýetine ünsi çekip, amerikaly musulmanlara berýän goldawy üçin Baýdene we Amerikan hökümetine sagbolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar