4,5 Million Tonna Galla Ukrainanyň Portlarynda Garaşýar
24-nji fewraldan başlan rus hüjümleri sebäpli Ukrainanyň portlary söwda üçin ýapyldy.
BMG-nyň Bütindünýä Azyk meýilnamasy 4,5 million tonna gallanyň Ukrainanyň portlarynda garaşýandygyny mälim etdi.
Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama beren Bütindünýä Azyk meýilnamasynyň Germaniýadan jogapkär ýolbaşçysy Martin Frik, 4,5 million tonna galla ýüklenen gämileriň portda garaşýandygyna ünsi çekdi.
Martin Frik dünýäniň galla, galladan doly gämileriň bolsa portda garaşýandygyny belledi.
Bütindünýä Azyk meýilnamasyna görä, eksportyň ýaňadandan başlamagy üçin amatly şert döredilmeli.
24-nji fewraldan başlan rus hüjümleri sebäpli Ukrainanyň portlary söwda üçin ýapyldy.
Ýewropa ýurtlary bolsa gara we demir ýoly arkaly Ukrainadan galla almaga başlady.
Degişli Habarlar
Ysraýyl Çagalar Seýilgähine Hüjüm Gurady
Ysraýylyň çagalar seýilgähine guran hüjüminde çagalar we zenanlar bilen birlikde 10 adam ýogaldy.