Rus Goşunlarynyň Ýitgileri Artýar

Ukrainanyň Baş Ştaby rus goşunlarynyň çeken ýitgileri boýunça beýannama berdi.

1821399
Rus Goşunlarynyň Ýitgileri Artýar

Beýannamada rus goşunlarynyň 23,800 esger, 194 uçar, 155 dik uçar we 1048 tank ýitirendigi habar berildi.

Ukrainanyň Baş Ştaby rus goşunlarynyň 24-nji fewral-2-nji maý aralygynda çeken ýitgileri hakynda beren beýannamasynda, Ukraina hüjüm eden rus goşunlarynyň soňky 24 sagatda ýene-de 300 esgerini ýitirendigini habar berdi.

Beýannamada; “Rus goşunlary jemi 23,800 esgerini ýitirdi we 194 uçar, 155 dik uçar, 1048 tank, 2,519 sowutly ulag, 459 top, 152 raketa atyş ulgamy we 80 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy” diýilýär.

Rus güýçleri 1,824 ulagyny, 8 gämisini we ýokary tizlikli ýeňil gaýygyny, 76 ýangyç ulagyny we 271 uçarmansyz howa ulagyny hem ýitirdi.

Russiýanyn Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýannamada Ukrainada 1,351 rus esgerinin ölendigini habar beripdi.

 



Degişli Habarlar