Maduro, Türk Maýadarlaryna Çagyryş Berdi

“Türkiýe iň agyr günlerimizde bize ähli taraplaýyn goldaw berdi.  Wenesuelanyň halkyna lukmançylyk enjamlary kömegini berdi"

1820841
Maduro, Türk Maýadarlaryna Çagyryş Berdi

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, Türkiýäniň ýurtlaryna ähli taraplaýyn goldaw berýändigini aýtdy.

Maduro, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň gatnaşmagynda geçirlen Wenesuela-Türkiýe Bilelikdäki hyzmatdaşlyk komissiýasynyň 3-nji maslahatynda eden çykyşynda, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ünsi çekip, “Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogana salamymy gowşuruň. Ýurdumyzyň ýakyn dostu we biziň iň ýakyn dostumyz. Türk halky bilen birlikde Wenesuela her şertde goldaw berdi. Onuň ýolbaşçylygynda özara bähbide laýyklykda doganlyk gatnaşyklarymyzy we ýakyn hyzmatdaşlygymyzy has-da ösdürdik” diýdi.

Türkiýäniň beren ýardamlary hakynda durup geçen Maduro “Türkiýe iň agyr günlerimizde bize ähli taraplaýyn goldaw berdi.  Wenesuelanyň halkyna lukmançylyk enjamlary kömegini berdi” diýip belledi.

Türkiýäniň Wenesuela goýlan sanksiýalara garşy tutum alyp barandygyny aýdan Maduro, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny belledi.

Maduro, türk maýadarlaryna ýurduna maýa goýmaklary üçin çagyryş berdi.

 



Degişli Habarlar