Terrorçylar Mare Etrabyna Hüjüm Gurady

Mare etrabynda guran raketa hüjüminde asuda ilatdan 5 adam ýaralandy.

1818802
Terrorçylar Mare Etrabyna Hüjüm Gurady

Siriýanyň Tel Ryfat etrabynda iş alyp barýan ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň, oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Mare etrabynda guran raketa hüjüminde asuda ilatdan 5 adam ýaralandy.

ÝPG/PKK-ly terrorçylar, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Tel Ryfatdan çekilmelidigi.

Ylalaşyga garamazdan sebitden çekilmedik terrorçylar Tel Ryfadyň golaýynda ilatly ýerlere hüjüm guramaga dowam edýär.

Terrorçylar, ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Mare etrabyna 6 raketa atdy.

Terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 5 adam ýaralandy. Etraba uly zeper ýetirildi.



Degişli Habarlar