ÝB Komissiýasynyň başlygy rus ýangyjyna garşlylygyň durnuksyzdygyny beýan etdi

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen rus ýangyjyna bolan garşlylygyň durnuksyzdygyny beýan etdi.

1817766
ÝB Komissiýasynyň başlygy rus ýangyjyna garşlylygyň durnuksyzdygyny beýan etdi

The Indian Express gazediniň berýän habaryna görä, Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Hindistanyň halkara insiatiwalaryndan Halkara Gün energiýasy alýansynyň çäginde paýtagt Täze Deli şäherinde geçirilen maslahata gatnaşdy. 

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen ol ýerde eden çykyşynda: "Ukrainadaky söweş rus ýangyjyna bolan garşlylygyň durnuksyzydygynyň Ýewropa üçin berk ýatlamatsy boldy" diýip habar berdi. 

Ýurdyň içinde öndürilýän gaýtadan işlenen energiýa geçişiň hem daşky gurşaw üçin peýdalydygyny hem-de strategik howpsuzlyk göçümidigini aýdan fon der Lýaýen, energiýa syýasatynyň şol bir wagtda howpsuzlyk syýasatydygyny beýan etdi. 

Fon der Lýaýen şol maksat bilen Ýewropa Komissiýasynyň öňümizdäki aý ÝB-niň REPowerEU taslamasynyň çäginde täze bir gün energiýa taslamasyny hödürlejekdigini aýan etdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar