Mariupol şäherinde 3-nji köpçülikleýin mazar tapyldy

Russiýanyň gözegçiligini eline geçirendigini beýan eden Ukrainanyň Mariupol şäheriniň golaýynda ýene-de bir köpçülikleýin mazar tapyldy

1818629
Mariupol şäherinde 3-nji köpçülikleýin mazar tapyldy

Mariupol şäheriniň häkimi Wadim Boýçenko, Ukrainanyň mediasyna beren beýanatynda, geçen hepde Manguş we Winogradnoýe obalarynda ýüze çykarylan köpçülikleýin mazarlara goşmaça ýagdaýda: "Ýene-de bir köpçülikleýin mazarynyň bardygyny görýäris" diýip habar berdi. 

Boýçenko, Russiýanyň hüjümleriniň başlan gününden bäri Mariupol şäheriniň takmynan 20 müň ýaşaýjysynyň ýogalandygyny ýatladyp: "Mariupoldaky ýagdaý örän tankydy bolmaga dowam edýär" diýip habar berdi. 

Boýçenko Russiýanyň goşunynyň ukrainaly esgerleriň we asuda ilatyň ýerleşen Azowstal polat fabrigini hem bombalandygyny mälim etdi. 

Mariupol häkimliginiň mejlisi tarapyndan Telegramdan berilen beýanatda, Staryý Krym obasynda ýerleşýän 3-nji köpçülikleýin mazaryň, köne gonamçylygyň serhetleriniň çäginde ýerleşýändigi aýan edildi. 

Beýanatda: "Mazarlar 24-nji martda obanyň ruslar tarapyndan basylyp alynmagyndan soň ýüze çykdy we takmynan 60 bilen 70 metr uzynlygynda" diýip bellendi. 

Emeli hemradan alynan suratlara görä 7-nji aprele çenli mazarlaryň bir böleginiň ýapylandygy we mazaryň meýdanynyň ulaldylandygy bellenip: "24-nji aprelde täze mazarlaryň gazylandygy görüldi. Köpçülikleýin mazarlaryň uzynlygy 200 metrden geçdi" diýip mälim edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar