Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy

Fransiýada geçirilen Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynyň deslapky netijelerine görä Prezident Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy

1817342
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy

Ýurtda düýn geçirilen Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry ýerli wagt bilen sagat 20:00-da tamam boldy. 

Döwlet ýaýlym organy "France Info" tarapyndan taýarlanan sowalnama görä, Prezident Emmanuel Makron sesleriň 58,2 göterimini, bäsdeşi aşa sagjy Marin Le Pen bolsa sesleriň 41,8 göterimini aldy. 

Saýlwayň resmi netijesi bolsa Konstitutsion Geňeşi tarapyndan 27-nji aprelde aýan ediler. 

Saýlawa gatnaşmadyk saýlawçylaryň görkezijileri 28,2 göterim bolup, şol görkeziji 1969-njy ýyldan bäri iň ýokary görkeziji hökmünde hasaba alyndy. 

44 ýaşyndaky Makron bolsa 2-nji gezek şol wezipä saýlanan 3-nji Prezident boldy.

Ozal bolsa Fransua Mitteran we Žak Şirak iki aýry möhlet bilen Prezident wezipesine saýlanypdylar. 

2017-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawynda Makron saýlawyň 2-nji tapgyrynda Le Penden öňe geçip, sesleriň 66,06 göterimini, Le Pen bolsa 33,9 göterimini alypdy.

Beýleki tarapdan Emmanuel Makronyň Prezident wezipesine ýaňadandan saýlanmagyndan soň ýurdyň paýtagty Pariž şäheri bilen birlikde Renn we Nant şäherlerinde protestler geçirildi.

Polisiýa işgärleri protestlerde giň gerimli howpsuzlyk çärelerini gördüler. 



Degişli Habarlar