Somaliniň paýtagtynda partlama boldy
Somaliniň paýtagty Mogadişu şäherindäki restoranlaryň birinde bolan partlamada 6 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy

Polisiýa gullugynyň resmisi Abdi Mohamud, Mogadişu şäheriniň Lido plažyndaky restoranlaryň birinde kamikaze hüjümidigi çak edilýän partlamanyň bolandygyny habar berdi.
Mohamud, partlamada 6 adamyň ýogalandygyny, 7 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.
Mohamud, aralarynda Somaliniň Polisiýa gullugynyň serkerdesi Abdi Hassan Mohamed Hijaar we deputatlar bilen birlikde hökümediň köp sanda resmisiniň hüjümiň guralan wagty restoranda bolandyklaryny aýan etdi.
Beýleki tarapdan ýerli metbugatda berilen habarlarda, partlamadan soň ýaragyň sesleriniň eşidilendigi beýan edildi.
Partlamanyň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.
Terror guramasy Aş-Şebab Somalide howpsuzlyk güýçlerini we asuda ilaty nyşana alyp ýygy-ýygydan hüjümler guraýar.
Degişli Habarlar

NATO-nyň Liderler maslahaty başlady
NATO-nyň Liderler maslahaty Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde öz işine başlady