ÝB Geňeşiniň başlygy Ukraina sapar gurar

Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, Russiýa bilen 24-nji fewraldan bäri söweşiň dowam edýän Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine gitdi

1815096
ÝB Geňeşiniň başlygy Ukraina sapar gurar

Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, ozaldan maglumat berilmedik sapary bilen baglanşykly özüniň sosial media hasabyndan beýannama berdi. 

"Şu gün Kiýewde bolaryn" diýip aýdan Şarl Mişel, Kiýewi azat we demokratik Ýewropanyň kalby hökmünde häsýetlendirdi. 

Şarl Mişel mundan başgada otly bekedinde ukrainaly resmiler tarapyndan garşylanan mahaly düşürilen suratyny paýlaşdy. 

Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşmagyna garaşylýar. 

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasatlary boýunça ýokary Wekili Žozep Borrell hem 8-nji aprelde Kiýewe sapar gurapdylar. 



Degişli Habarlar