Täze Zelandiýa Russiýa garşy goşmaça sanksiýalar girizer

Täze Zelandiýanyň Russiýa garşy goşmaça täze ykdysady sanksiýalary girizjekdigini mälim etdi

1814659
Täze Zelandiýa Russiýa garşy goşmaça sanksiýalar girizer

Täze Zelandiýanyň Daşary işler ministri Nanaia Mahuta beren ýazmaça beýanatynda, aralarynda Russiýanyň Merkezi banky hem bolan 18 maliýe guramasyna garşy sanksiýa girzendiklerini habar berdi. 

Mahuta, Russiýanyň Ukrainada dowam edýän hüjümlerini maliýeleşdirýän guramalaryň nyşana alynandygyny we ady geçen guramalaryň Russiýanyň umumy bank ulgamynyň 80 göterimini emele getirýändigini aýan etdi. 

Täze Zelandiýa geçen aý Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Russiýanyň ýokary derejeli käbir ýolbaşçylaryna syýahat gadagançylygyny girizdi, mundan başgada Russiýa garşy käbir import çäklendirmelerini girizipdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar