Polşada kömür käninde partlama boldy

Polşanyň Pniowek şäherindäki kömür käninde metan gazynyň ýanmagy netijesinde bolan partlamada 3 adam ýogaldy, 12 adam bolsa ýaralandy

1815352
Polşada kömür käninde partlama boldy

Magdan käninde işleýän Slawomir Stražinskiý partlamanyň ýeriň 1 km aşagynda metan gazynyň ýanmagy netijesinde bolandygyny habar berdi. 

Metan gazynyň partlamagy sebäpli emele gelen tozan sebäpli gözleg we halas ediş işlerine arakesme berilendigi, halas ediş toparyndan 7 adam bilen aragatnaşygyň kesilendigi mälim edildi. 

Wakanyň başdan geçirilen wagtynda işlän 42 adamyň 12-sinde bedenlerinde agyr ýanyklaryň emele gelendigi aýan edildi. 

Polşanyň Premýer ministri Mateuş Moraweskiý wakanyň bolan ýerine barjakdygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar