Russiýa: "Toçka-U taktiki raketa ele salyndy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukraina degişli 2 sany "Toçka-U" taktiki raketanyň ele salynandygyny belledi

1814569
Russiýa: "Toçka-U taktiki raketa ele salyndy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, ýurdyň paýtagty Moskwa şäherinde ýurdunyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan hüjümleri barada beýannama berdi. 

Ukrainada düýn gije 13 harby nyşananyň ýokary takyk raketalar bilen nyşana alynandygyny aýdan Konaşenkow: "Çerwona Polýana we Balakliýa ýaşaýyş ýerlerinde 2 sany Toçka-U taktiki raketa boýegolwka ammary ýok edildi. Petropillýa we Mala Komişuwaha ýaşaýyş ýerlerinde bolsa Ukraina degişli 2 sany Toçka taktiki raketa ele salyndy" diýip belledi. 

Konaşenkow, Ukrainanyň goşunyna degişli şu günki güne çenli 140 uçaryň, 487 uçarmansyz howa ulagynyň, 252 howa goranyş raketa ulgamynyň, 2 müň 353 taňkyň we sowutly ulagyň, 256 köp nilli raketa ulgamynyň, 1 müň 14 gaubisanyň we minomýodyň we 2 müň 208 ýörite harby ulagyň ýok edilendigini mälim etdi. 

Russiýanyň Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçaslaw Gladkow Telegram hasabyndan beren beýanatynda, sebitdäki Golowçino obasyna Ukrainanyň goşuny tarapyndan od açylandygyny beýan etdi. 

Wakanyň bolan ýerine barandygyny aýdan Gladkow, hüjümde 3 adamyň ýaralanandygyny we 30-dan gowrak öýe zyýan ýetendigini belledi. 



Degişli Habarlar