Husiler Ylalaşygy Basgylamaga Dowam Edýär

Husiler tarapyndan ot açylandygy sebäpli 1 esger ýogaldy.

1813959
Husiler Ylalaşygy Basgylamaga Dowam Edýär

Ýemeniň Hajje welaýatynda, Husiler tarapyndan ot açylandygy sebäpli 1 esger ýogaldy.

Ýemeniň ýaragly güýçlerinden berlen beýannamada, BMG tarapyndan hüjümleriň bes edilendiginiň yglan edilendigine garamazdan Husileriň ylalaşygy basgylmaga dowam edýändigi nygtaldy.

Ýemeniň goşuny şenbe güni ilkinji gezek Jewf welaýatynda Husileriň ot açandygy sebäpli 1 esgeriň ýogalandygyny yglan edipdi.

Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, 2014-nji ýyldan bäri paýtagt Sana bilen birlikde käbir welaýatlara gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Husilere garşy Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.

BMG-nyň Ýemen boýunça ýörite wekili Grundberg, Ýemeniň hökümetiniň we Husileriň 2-nji aprelde ýerli wagt bilen 19.00-dan başlap howa, gury ýer we deňiz operasiýalarynyň 2 aý möhlet bilen saklanmagyny kabul edendigini mälim edipdi.

 


Etiketkalar: #ot açmak , #esger , #Husiler , #Ýemen

Degişli Habarlar