Liwiýada gaýyk batdy

Beýanatda düzüminde 35 adam bolan gaýykdaky 29 adamyň dereksiz ýitendigi mälim edildi

1813257
Liwiýada gaýyk batdy

Liwiýanyň günbataryndaky Sabrata şäheriniň suw giňişliginde bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 6 adam ýogaldy. 

Halkara Migrasiýa guramasynyň Liwiýa boýunça müdüriýeti sosial media hasaby Twitterden beýanat berdi. 

Beýanatda düzüminde 35 adam bolan gaýykdaky 29 adamyň dereksiz ýitendigi mälim edildi. 

Liwiýa Demirgazyk Afrikadan Ýewropa bikanun ýollar bilen geçmek isleýän migrantlaryň iň köp ulanýan ýollarynyň biri hökmünde kabul edilýär. 


Etiketkalar: #gaýyk , #bosgun , #Liwiýa

Degişli Habarlar