Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, şäheriň Darnitskiý etrabynyň Russiýanyň goşuny tarapyndan bombalanandygyny mälim etdi

1813168
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Şu gün irden Kiýew şäheri bombalandy. Şäheriň etegindäki Darnitskiý etrabynda partlamalar boldy. Gözleg we halas ediş toparlary häzirki wagtda wakanyň bolan ýerine bardylar. Ýitgiler barada maglumatlar ýygnalýar" diýip habar berdi. 

Kiýewlilere howa hüjümleri bilen bagly duýduryşlara gulak asmaklary barada çagyryş beren Kliçko, şäheri terk eden adamlaryň häzirlikçe yzlaryna gaýdyp gelmezlikleri we has howpsuz ýerlerde galmaklary barada maslahat berdi.



Degişli Habarlar