Awstriýa Russiýa Tebigy Gaz Üçin Ýewro Tölemäge Dowam Etjekdigini Habar Berdi

Awstriýanyň Premýer-ministri Karl Nehammer Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygy hakynda beýannama berdi.

1812389
Awstriýa Russiýa Tebigy Gaz Üçin Ýewro Tölemäge Dowam Etjekdigini Habar Berdi

Awstriýanyň Premýer-ministri Karl Nehammer Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň özünine “Tebigy gaz üpjünçiliginiň kepillendirilendigini, Russiýanyň şertnamada ylalaşylan mukdarlary berjekdigini we tölegleriň ýewro görnüşinde geçirilmäge dowam edilip bilinjekdigini” aýdandygyny habar berdi.

Premýer-ministri Nehammer 11-nji aprelde Putin bilen geçiren duşuşygy hakynda beýannama berdi.

Nehammer duşuşykda Putiniň tebigy gaz meselesin-de durup geçendigini nygtap; “Tebigy gaz üpjünçiliginiň kepillendirilendigini, Russiýanyň şertnamada ylalaşylkan mukdarlary berjekdigini we tölegleriň ýewro görnüşinde geçirilmäge dowam edilip bilinjekdigini maňa beýan etdi” diýdi.

Tebigy gaz embargosuna garşy durýandygyny ýene-de bir gezek beýan eden Nehammer, Awstriýa, Wengeriýa, Bolgariýa ýaly bizi ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň birnäçe tarapdan rus tebigy gazyna garaşlydygyny, bu barasynda kabul ediljek kararyň şahsy sarp etmeden senagata çenli ençeme pudakda uly ýitgilere sebäp boljakdygyna ünsi çekdi.

Nehammer Stambulda başlan ýaraşyk gepleşikleri we Putin bilen geçiren duşuşygy hakynda ýakynda Prezident R.T.Erdogan bilen pikir alyşjakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar