“Ankara Bilen Gepleşikleriň Dowam Etdirilmelidigine Ynanýaryn”

Paşinýan,Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşma etaby hakynda maglumat berdi.

1811730
“Ankara Bilen Gepleşikleriň Dowam Etdirilmelidigine Ynanýaryn”

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Türkiýe bilen gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin ellerinden geleni etmelidiklerini aýtdy.

Paşinýan, Ermenistanyň parlamentinde eden çykyşynda, Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşma etaby hakynda maglumat berdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan “Ankara bilen gepleşikleriň dowam etdirilmelidigine ynanýandygyny” nygtady.

Nikol Paşinýan “Türkiýe bilen gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin elimizden gelen etmeli. Gysga wagtda gepleşik etabyndan netije alman bileris,  emma gepleşikler dowam etmeli. Halkara hyzmatdaşlarymyz Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna doly goldaw berýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar