Zelenskiý: “Ruslar Eden Jenaýatlarynyň Delillerini Ýok Etmäge Çalyşýar”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Buça şaherindäki wakadan soň rus goşunlarynyň taktikalaryny üýtgedip, basyp alan ýerlerinde işlän jenaýatlarynyň delillerini ýok etmäge çalyşýandygyny aýtdy.

1808528
Zelenskiý: “Ruslar Eden Jenaýatlarynyň Delillerini Ýok Etmäge Çalyşýar”

Zelenskiý ýaýradan wideo ýüzlenmesinde Buçada görenlerinden soň dünýäniň döwrebap rus döwletine bolan çemeleşmesiniň üýtgändigini beýan etdi.

Şol wakadan soň rus esgerlerinin işlän jenaýatlarynyň delillerini ýok etmäge synanşýandygyna ünsi çeken Zelenskiý; “Buçadan son rus goşuny taktikasyny üýtgetdi. Öldürilen ukrainalylary basylyp alynan ýerleriň köçelerinden we ýerzeminlerinden çykarmaga çalyşýandygyny bilýäris. Emma jogapkärçilikden gaçyp bilmezler. Onsuz hem müňlerçe raýatyň dereksiz ýitendigini bilýäris” diýdi.

Zelenskiý obýektiw derňew işiniň, şaýatlaryň we emeli hemranyň gözegçiliginde Russiýanyň Ukrainada eden harby jenaýatlaryny ýüze çykarjakdyklaryny, hakykaty gözlemäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Şu gün günde günbatar ýurtlarynň Russiýa garşy goşmaça sanksiýa bukjasyny yglan edendigini we şol sanksiýalaryň näderejede güýçlüdigine garamazdan ýeterlik däldigini nygtan Zelenskiý; “Rus bankçylyk ulgamynyň halkara maliýe ulgamyndan doly üzňeleşdirilmegi üçin egilşiksiz islegimizden el çekmeris. Aýratynam demokratik dünýäniň ol ýa-da beýleki görnüşde rus nebitinden el çekmegini ýola goýarys” diýdi.

Zelenskiý söweşi bes etmek üçin has uly tagallanyň gerekdigini nygtap; “Russiýa garşy agyr sanksiýa bukjasy bilen bize gerek bolan ýarag üpjünçiligi. Ýogsam Russiýa muny Donbassda täze bir pajyga tolkunyny başlatmagyň rugsady hökmünde kabul eder” diýdi.

Zelenskiý şeýle-de howpsuz ýerlerde ykdysady işleri gaýtadan dikeltmek hakynda karara gelendiklerini beýan edip; “Duşmana garşy gönüden çaknyşyk howpunyň bolmadyk etraplarynda ähli ýolbaşçylary ykdysady tapgyry gaýtadan başlatmak üçin adamlary yza dolanyp işlemekleri üçin degişli şertleri döretmäge çagyrýaryn” diýdi.

Garşy tarapyň söweşjeň güýjüni artdyryp, gaýtadan hüjüm operasiýalaryny başlatmak üçin taýýarlyk görýändigini aýdan Zelenskiý; “Söweşeris we yza çekilmeris. Russiýa çynlakaýlyk bilen parahatçylygyň gözlegine çykýança özümizi goramak üçin ähli alternatiwlerden peýdalanarys” diýdi.



Degişli Habarlar