“Ukraina Düýn Başga Teklip Hödürledi”

“Ukraina çarşenbe güni Russiýa başga teklip hödürledi we bu teklip Stambulda hödürlenen teklipden tapawutly”

1809009
“Ukraina Düýn Başga Teklip Hödürledi”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow “Ukraina düýn, Stambulda geçirlen maslahatda hödürlenen teklipden başga teklip hödürledi” diýdi.

Lawrow, Ukraina bilen geçirilýän gepleşikler hakyndaky wideo ýazgysynda “Ukraina çarşenbe güni Russiýa başga teklip hödürledi we bu teklip Stambulda hödürlenen teklipden tapawutly” diýdi.

Sergeý Lawrow “Ukraina, Krym we Donbass meselesiniň liderleriň duşuşygynda seljerilmegini teklip edýär. Ukraina soňky tapgyrda esgerleriň çykarylmagyny islär, bu kabul edilmesiz” diýdi.

Russiýanyň Ukraina bilen geçirýän gepleşiklerini dowam etdirjekdigine ünsi çeken Lawrow, “Russiýa öz teklibini taýarlar we başlangyçdaky talaplaryny öz içine alýan ilkinji ylalaşyk teklibini hödürlär” diýdi.

 



Degişli Habarlar