Britaniýanyň Premýer ministri Jonson rus halkyna çagyryş berdi

Jonson, Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň dünýäni haýran galdyran wagşyçylygy sebäpli harby jenaýat etmek bilen günäkärlenýändigini belläp, ruslarda hakykatlaryň derňemeklerini isledi

1807849
Britaniýanyň Premýer ministri Jonson rus halkyna çagyryş berdi

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, rus halkyna ýüzlenip eden 1 minut 50 sekuntlyk ýüzlenmesini, rus dilinde "Rus halky hakykatlary bilmäge mynasypdyr, siz hakykatlary bilmäge mynasypsyňyz" diýip başlady. 

Çykyşyny ondan soň iňlis dilinde dowam etdiren Jonson, Russiýanyň harby birikmeleriniň Buça, Irpin we Ukrainanyň başga ýerlerinde eden wagşyçylyklarynyň dünýäni haýran galdyrandygyny belläp: "Asuda ilat gyryldy, elleri daňylyp öldürildi. Zenanlara kiçi çagalarynyň öňünde namyslaryna degildi. Jesetler ýüzleý ýakyldy, köpçülikleýin mazarlara gömüldi we köçelere taşlandy" diýip aýan etdi. 

Russiýanyň hökümediniň haýran galdyryjy we ýürek bulandyryjy şol aksiýalaryny halkdan gizlemäge synanyşmagyna haýran galynmaly däldigini aýdan Boris Jonson: "Döwlet ýolbaşçyňyz, nämeleriň başdan geçirilendigini görseňiz onuň söweşini goldamajakdygyňyzy bilýär" diýip habar berdi.

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň şolaryň Russiýanyň abraýyna gara bir tegmildigini hem bilýändigini aýdan Jonson, rus halkyndan hakykatlary görüp bilmekleri üçin VPN ulanyp, Russiýada gadagdan bolan saýtlara girmeklerini we derňemeklerini isledi.

Jogapkärlerden hasabyň soraljakdygyny aýdan Boris Jonson, çykyşyny rus dilinde: "Döwlet ýolbaşçyňyz harby jenaýat etmek bilen günäkärlenýär. Emma siziň adyňyzdan hereket edýändigine ynanamok" diýip tamamlady. 



Degişli Habarlar