Ekwadorda tussaghanada gozgalaň turdy

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Ekwadorda, tussaghanada bolan gozgalaňda we çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi

1806830
Ekwadorda tussaghanada gozgalaň turdy

Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanatda, ýurdyň günortasyndaky Azuaý welaýatynyň El Turi tussaghanasynda ýüze çykan gozgalaňda, 20 tussaglynyň ýogalandygy habar berildi. 

Içeri işler ministri Patrisio Karillo, 800 polisiýa işgäriniň we 200 esgeriň tussaghananyň içinde we onuň töwereginde ýerleşdirilendigini belläp, gozgalaňyň gözegçilik astyna alynandygyny mälim etdi. 

Resmiler düýn tussaglylaryň arasynda başlan çaknyşyklarda 12 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň hem ýaralanandygyny habar beripdi. 

Ýurtda 30 müň adamlyk 65 tussaghanada 39 müň tussagly bar. Tussaglylaryň arasynda başlaýan kämahallar adam pidalary bilen netijelenýär. 



Degişli Habarlar