Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherini nyşana aldy

Russiýa Ukrainanyň Odessa şäheriniň golaýynda ýokary takyk raketalar bilen nebiti gaýtadan işleýän zawody we ýangyç ammaryny nyşana alyp hüjüm gurandygyny habar berdi

1806284
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherini nyşana aldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainadaky söweşde Russiýanyň hereketleri barada maglumat berdi. 

Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky nyşanalara garşy ýokary takyk ýaraglar ulanýandygyny aýdan Koneşenkow: "Şu gün irden howadan we gury ýerden ýokary takyk raketalar bilen Odessa şäheriniň golaýynda Nikolaýew ugrunda Ukrainanyň goşunyny ýangyç bilen üpjün edýän nebiti gaýtadan işleýän zawod we 3 aýry ýangyç ammary ýok edildi" diýip habar berildi. 

Russiýanyň Harby-howa güýçleriniň Kudrýaşowka we Şurowka ýaşaýyş zolaklarynda howada 2 sany uçarmansyz howa ulagyny hatardan çykarandygyny aýdan Konaşenkow, düýn gije Ukrainanyň goşunyna degişli 51 harby desganyň nyşana alynandygyny mälim etdi. 

Konaşenkow: "Ukrainanyň goşunyna degişli şu günki güne çenli 125 uçar, 88 dikuçar, 383 uçarmansyz howa ulagy, 221 howa goranyş ulgamy, 1903 taňk we sowutly ulag, 207 köp nilli raketa ulgamy, 805 gaubisa we minomýot, 1781 ýörite harby ulag hatardan çykaryldy" diýip aýan etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #Odessa , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar