Putin, Aliýew we Paşinýan Bilen Garabagdaky Soňky Ýagdaý Hakynda Pikir Alyşdy

Putin, Aliýew we Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1805341
Putin, Aliýew we Paşinýan Bilen Garabagdaky Soňky Ýagdaý Hakynda Pikir Alyşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministir Nikol Paşinýan bilen Garabagdaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen beýannama görä, Putin, Aliýew we Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Putin, Aliýew we Paşinýan bilen Garabagda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy we sebitde howpsyzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi bilen arabaglanşykly meseleleriň çözülmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasynda 2020-njy ýylyň 9-njy noýabrynda, 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda we 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, gysga wagtda Ermenistan bilen parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmalydygyny nygtady.

Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan hem parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin gyssagly gepleşikleriň başladylmagyna taýardyklaryny belledi.

Aliýew bilen Paşinýanyň, 6-njy aprelde Belgiýanyň paýtagty Býusselde duşuşmagyna garaşylýar.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar