Ukrainada asuda ilat ýitgileri artmaga dowam edýär

Ukraina bilen Russiýanyň arasynda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweş sebäpli asuda ilat ýitgileri artmaga dowam edýär

1804707
Ukrainada asuda ilat ýitgileri artmaga dowam edýär

Ukrainanyň Nikolaýew welaýatynyň gubernatory Witaliý Kim sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň goşunynyň Nikolaýewdäki sebitleýin dolanşyk binasyna hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy hüjümde 15 adamyň ýogalandygyny mälim etdi. 

Donetskdäki rus tarapdary bolan separatist toparlaryň dolanşygyndan berilen beýanata görä bolsa düýn irden köp gatly bina Ukrainanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan atylan raketa degdi. 

Başdan geçirilen hadysada ilkinji kesgitlemelere görä, binada ýaşaýan 2 adamyň ýogalandygy, şeýle hem bina uly zeper ýetendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar