Putine Ukraina Söweşi Boýunça Ýalňyş Maglumat Berdildi

Ak Tam Ukraina söweşi hakynda ýalňyş maglumatlar bilen ugrukdyrylan döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen rus harby resmileriniň arasynda dartgynlygyň bardygyny görkezýän delilleriň bardygyny beýan etdi.

1804858
Putine Ukraina Söweşi Boýunça Ýalňyş Maglumat Berdildi

Ak Tamyň Aragatnaşykdan jogapkär Direktory Keýt Bedinfild günlük metbugat ýygnagynda Amerikan metbugatynda çykan “ABŞ-nyň elinde Putiniň ýalňyş ugrukdyrylandygy hakynda maglumatyň bardygy” bilen bagly habarlar hakynda beýanat berdi.

Wladimir Putniň bu meseledäki garaýyşlaryna analiz bermejekdigini beýan eden Bedingfild; “Emma şuny aýdasym gelýär, elimizde Putinin rus goşuny tarapyndan ýalňyş ugrukdyrylandygyny duýýandygy we onuň hem harby resmiler bilen arasynda dartgynlyga sebäp bolandygy bilen bagly deliller bar. Putine rus goşunlarynyň nähili erbet netije alandygy we ykdysady sanksiýalardan nähili agyr ýitgi çekendigi hakynda ýalňyş maglumat berilendigine ynanýarys” diýdi.

Bedingfild Wladimir Putiniň geňeşçilerinin oňa hakykaty aýtmakdan gorkýandygyna ünsi çekip; “Putiniň söweşiniň günsaýyn agyr strategik şertlere öwrülýändigi we onuň hem uzak möhletde Russiýany halkara arenada hasam ejizledip, izolirlejekdigi mälim” diýdi.



Degişli Habarlar