Moskwa we Tähran Sanksiýalara Garamazdan Hyzmatdaşlygy Ösdürer

Günbataryň Russiýa bilen Eýrana goýan sanksiýalaryna garamazdan resmi Moskwa bilen Tähranyň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy södürjekdigi beýan edildi.

1804536
Moskwa we Tähran Sanksiýalara Garamazdan Hyzmatdaşlygy Ösdürer

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Eýranyň Daşary işler ministri Huseýn Emir Abdullahiýanyň Hytaýda guralan Owganystana goňşy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň 3-nji maslahatynyň çäginde duşuşandygy habar berildi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň ýanwar aýynda Russiýanyň paýtagty Moskwada geçiren duşuşygyndan soň berilen görkezmeleriň iş ýüzüne geçirilişi hakynda pikir alyşylandygyna üns çekilýän beýannamada; “Rrussiýa we Eýrana garşy birnäçe dost däl ýurt tarapyndan goýulan bikanun çäklendiriji çarelere garamazdan ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara niýet tassyklandy” diýilýär.

Ministrleriň Ukraina we Owganystandaky soňky ýagdaýlar hakynda-da pikir alyşandygy, duşuşykda Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça ylalaşyga bolan gyzyklanmanyň artýandygyna hem üns çekilendigi nygtalýar.



Degişli Habarlar