ABŞ Germaniýa 6 harby uçar ugradar

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (Pentagon) Germaniýa elektron söweşine ukyply 6 sany EA-18G Growler kysymly harby uçaryň ugradyljakdygyny habar berdi

1803385
ABŞ Germaniýa 6 harby uçar ugradar

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi, ABŞ-nyň NATO-nyň gündogar ganadyny güýçlendirmek tagallalarynyň çäginde Germaniýa 6 sany EA-18G Growler kysymly harby uçaryň ugradyljakdygyny habar berdi. 

Şol uçarlaryň sebitde barlygyny görkezmek maksady bilen ugradyljakdygyny aýdan Kirbi, uçarlaryň elektron söweşine ukyplydygyny we öňüniň alyş mümkinçiliklerine eýedigini aýan etdi. 

Kirbi, Germaniýa uçarlar bilen bile hyzmat ediş toparlar bilen birlikde 240 esgeriň hem ugradyljakdygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #uçar , #Germaniýa , #ABŞ

Degişli Habarlar