Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina garşy söweş başladan Russiýanyň goşunynyň 17 müň esgerini ýitirendigi mälim edildi

1802898
Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-28-nji mart aralygyndaky ýitgileri barada maglumat berdi. 

Şoňa görä Ukraina garşy söweş başladan Russiýanyň goşunyndan 17 müň esger öldürildi, ruslara degişli 123 uçar, 127 dikuçar, 586 taňk, 1694 sowutly ulag, 302 top, 95 raketa ulgamy we 54 howa goranyş ulgamy ýok edildi. 

Russiýanyň harby güýçleri şeýle hem 1150 ulagyny, 7 gämi we ýeňil ýokary tizlikli katerini, 73 ýangyç ulagyny we 66 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüme başlapdy. 



Degişli Habarlar