Husiler, Saudy Aramko Firmasynyň Nebit Desgalaryny Nyşana Aldy

Husiler tarapyndan guralan hüjümden soň iki nebit desgasy ýanmaga başlady.

1802251
Husiler, Saudy Aramko Firmasynyň Nebit Desgalaryny Nyşana Aldy

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň guran hüjümi netijesinde Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde ýerleşýän Saudy Aramko firmasynyň nebit desgalary ýanmaga başlady.

Ýurduň resmi SPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Jidde şäherinde ýerleşýän Aramko nebit firmasy hüjüme sezewar boldy.

Husiler tarapyndan guralan hüjümden soň iki nebit desgasy ýanmaga başlady.

Ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy we hiç hili adam pidasynyň çekilmändigi bellenildi.


Etiketkalar: #ýangyn , #nebit , #Husiler , #Ýemen

Degişli Habarlar