Stoltenberg: "Putin uly ýalňyşlyk etdi" diýdi

Stoltenberg, Belgiýanyň paýtagty Brussel şäherinde geçiriljek NATO-nyň Liderler maslahatyndan ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

1801353
Stoltenberg: "Putin uly ýalňyşlyk etdi" diýdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň uly ýalňyşlyk edendigini belläp: "Ukrainanyň halkynyň güýjüni, Ukrainanyň halkynyň we Ýaragly güýçleriniň edermenligine kembaha berdi" diýip nygtady. 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Belgiýanyň paýtagty Brussel şäherinde geçiriljek NATO-nyň Liderler maslahatyndan ozal metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Stoltenberg: "Putin garaşsyz, özbaşdak bir millete garşy söweş yglan edip uly ýalňyşlyk etdi. Ukrainanyň halkynyň güýjüni, Ukrainanyň halkynyň we Ýaragly güýçleriniň edermenligine kembaha berdi. Garaşylanyndan has berk garşylyga sezewar galýarlar" diýip habar berdi. 

Himiki ýaragyň ulanylmagynyň halkara hukuga tersdigini, onuň uly we berk netijeleriniň boljakdygyny aýdan Stoltenberg: "Himiki ýaraglaryň islendik ýagdaýda ulanylmagy, çaknyşygyň tebigatyny düýbünden üýtgeder we halkara hukugyň düzgün bozmasy bolar. Onuň uly we berk netijeleri bolar. NATO hyzmatdaşlaryny her dürli hüjümden goramaga we islendik hüjüme garşylyk görkezmäge taýardyr" diýip mälim etdi. 

Stoltenberg, Russiýa-Ukraina söweşinde NATO-nyň Hytaýa dünýäniň galan bölegine goşulmaga çagyrandygyny belläp: "Hytaýa Russiýanyň Ukraina garşy hüjümlerini başlatmagyny, Russiýa garşy syýasy we maddy taýdan goldaw bermezlik üçin dünýäniň galan bölegine goşulmaga çagyrýarys" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar