Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýa Gaýtawul Görkezdi

Günorta Koreýa, Demirgazyk Koreýanyň materikara ballistiki raketa atmagyndan soň gury ýerden, deňizden we howadan raketalar atdy.

1801396
Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýa Gaýtawul Görkezdi

“Ýonhapdaky” habarlara görä Günorta Koreýanyň harby goşunlary Demirgazyk Koreýanyň şu günki materikara ballistiki raketa synagyna gury ýerden, howadan we deňizden atylan raketalar bilen gaýtawul görkezdi.

Günorta koreýaly harby ýolbaşçylar Demirazyk Koreýanyň atan raketasynyň 6,200 kilometr belentlikden 1080 kilometre uçandygyny beýan etdi.

Günorta korýaly resmiler Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyny ýazgardy.

Harby ýolbaşçylar 16-njy martda-da “üstünliksiz” ballistiki raketa synagyny geçiren Demirgazyk Koreýanyň synaglary bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny beýan edipdi.



Degişli Habarlar