“Ukrainanyň Ýarag Ammarlaryny Hatardan Çykarmaga Dowam Edýaris”
Igor Konaşenkow, rus güýçleriniň Ukraina söweşinde ýeten sepgidi hakynda beýannama berdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň harby goşunyna degişli ýarag ammarlaryny hatardan çykarmaga dowam edýändiklerini mälim etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, rus güýçleriniň Ukraina söweşinde ýeten sepgidi hakynda beýannama berdi.
Günüň dowamynda Ukrainanyň harby desgalaryny howadan we deňizden uzak aralykly ýaraglar bilen bombalandyklaryny nygtan Konaşenkow, “Lisiçansk we Kramatorsk etrapçalarynda ukrainanyň harby goşunynyň ýangyç we ýag ammarlary, Družowkada raketa we top ammary, Nadeždinkada we Nowoaleksandrowada hem ýarag ammarlary hatardan çykaryldy” diýdi.
Rus howa güýçleriniň Ukrainanyň harby goşunyna degişli 83 harby desgany ýok edendigini aýdan Konaşenkow, şolaryň arasynda 4 harby merkeziň, 4 howa goranyş raketa ulgamynyň, 3 ammaryň we 68 harby tehniki ulagyň bardygyny belledi.
Konaşenkow “Şu günki güne çenli Ukrainanyň harby goşunyna degişli 236 uçarmansyz howa ulagy, 154 raketa, 185 howa goranyş raketa ulgamy, 1547 tank we sowutly ulag, 612 minomýot we 1343 ulag hatardan çykaryldy” diýdi.
Degişli Habarlar
Tramp kasam ediş dabarasyndan soň ilkinji kararnamalara gol çekdi
Tramp duşenbe güni Baýden döwründe kabul edilen 78 kararnamany bes edip, işe girişdi.