ABŞ, Russiýa we Belarus Bilen Edýän Söwda Gtanaşyklaryny Saklar

Taslama 424 halk deputaty “kabul”, 8 halk deputaty bolsa “garşy” ses berdi.

1797659
ABŞ, Russiýa we Belarus Bilen Edýän Söwda Gtanaşyklaryny Saklar

ABŞ-nyň Wekiller palatasy, Russiýa we Belarus bilen edilýän söwda gatnaşyklarynyň saklanmagyny göz öňünde tutýan kanun taslamasyny tassyklady.

Prezident Jo Baýdeniň, Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewraldan bäri guraýan hüjümleri sebäpli Russiýa we Belarus bilen edilýän söwda gatnaşyklarynyň saklanmagy baradaky kararyndan soň  Kongres herekete geçdi.

Birinji etapda Wekiller palatasynda, ABŞ-nyň Russiýa we Belarus bilen edilýän söwda gatnaşyklarynyň saklanmagyny göz öňünde tutýan kanun taslamasy tassyklandy.

Taslama 424 halk deputaty “kabul”, 8 halk deputaty bolsa “garşy” ses berdi.

Ady agzalýan kanun taslamasynyň gysga wagtda Senatda hem kabul edilmegine garaşylýar.

 

 



Degişli Habarlar