Ýaponiýadaky ýer titremede 4 adam ýogaldy

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Tohoku sebitinde düýn başdan geçirilen 7,4 bal ululygyndaky ýer titremede 4 adam ýogaldy

1797206
Ýaponiýadaky ýer titremede 4 adam ýogaldy

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Miýagi we Fukusima welaýatlarynyň suw giňişliginde düýn ýerli wagt bilen sagat 23:36-da ýeriň 60 km aşagynda 7,4 bal ululygynda ýer titreme boldy. 

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň sunami boljakdygy barada duýduryş bermeginden soň, 1,5 sagatda 1 metrden kiçi tolkunlar kenarýaka zolaklara gelip ýetdi. 

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi, ýer titremäniň ilki bada 7,3 bal ululygynda bolandygyny, soň bolsa maglumaty täzeläp 7,4 bal ululygynda bolandygyny habar berdi. 

Ýurdyň Ýangyn we apat dolanşyk agentligi, tebigy apatyň netijesinde ýurdyň gündogar we demirgazyk-gündogar sebitlerinde 4 adamyň ýogalandygyny, 198 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Beýleki tarapdan Ýadro düzgünleşdiriji edara deaktiwasiýa tapgyrynda bolan Fukusima ýadro desgasynda hiç hili meseläniň başdan geçirilmändigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar