Rus Güýçleriniň Guran Hüjüminde 16 Gatly Bina Ýandy

Hüjümde 16 gatly bina dolulygyna ýandy, 2 adam ýogaldy, uly zeper ýetirlen binadan 27 adam hem halas edildi.

1795739
Rus Güýçleriniň Guran Hüjüminde 16 Gatly Bina Ýandy
ukrayna.jpeg
kiev saldırı
ukrayna.jpg

Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewde guran hüjüminde 2 adam ýogaldy.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugyndan berlen beýannama görä, ertiriň irki sagatlarynda rus güýçleriniň paýtagt Kiýewe atan topy Swýatoşinskiý etrapçasynda ýerleşýän 16 gatly bina düşdi.

Hüjümde 16 gatly bina dolulygyna ýandy, 2 adam ýogaldy, uly zeper ýetirlen binadan 27 adam hem halas edildi.

Şu gün rus güýçleriniň guran hüjüminde Kiýewiň Podolskiý etrapçasynda 10 gatly bina uly zeper ýetirildi.

Hüjümden soň bina ýanmaga başlady.

Uly zeper ýetirlen binadan 1 adam halas edildi.

Ertiriň irki sagatlarynda paýtagt Kiýewden 3 gezek partlama sesi eşidildi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar