Putin Meýletin Söweşijileriň Ukrainadaky Çaknyşyk Zolaklaryna Getirilmegi Üçin Görkezme Berdi
Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ýakyn Gündogardan Ukrainada Russiýanyň tarapyndan söweşjek meýletinleriň çaknyşyk zolaklaryna getirilmegi üçin görkezme berdi.

Putin onlaný formatda geçiren Howpsuzlyk maslahatynda Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň Ukraina hakyndaky habarnamasyny dinledi.
Esasy bölegi Ýakyn Gündogar ýurtlarynda 16 müň “meýletiniň” Ukrainanyň goşunlaryna garşy söweşmek üçin ýüz tutandygyny beýan eden Şoýgu; “Esasanda şol talaplar pul üçin däl, eýsem meýletinlige esaslanýandygy üçin elbetde oňa oňyn jogap bermegi ýerlikli hasap edýäris. Esasy bölegini bilýäris, soňky on ýylda terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde goldaw berdiler” diýdi.
Ukraina ähli tarapdan gözegçiliksiz ýarag gelýändigini beýan eden Şoýgu, çaknyşyklarda Ukrainanyň güýçlerinden galan ýaraglaryň, ok-däriniň we harby ulaglaryň separatist dolanşyga berilmegini teklip etdi.
Günbataryň howp astyndadygyna garamazdan şertlerden peýdalanyp Russiýanyň günbatar serhetlerine harby güýç ornaşdyrýandygyny aýdan Sergeý Şoýgu; “Baş ştab şol sebäpli günbatar serhetlerimizi güýçlendirmek we goramak üçin söweşjeň güýçleri serhetýakasyna getirmek üçin meýilnama düzýär” diýdi.
Putin bolsa dünýäniň ähli ýerinden hakynatutma söweşijileriň Ukraina gidýändigini, Ukrainanyň günbatarly ýaranlarynyň resmi Kiýewiň halkara hukugyň ähli kadalaryny basgylap, ony gizlemeýändigini aýtdy.
Putin Ýakyn Gündogardan gitjek we Russiýanyň tarapynda durjak “meýletin söweşijileriň” Ukrainadaky çaknyşyk zolaklaryna getirilmegi üçin görkezme berdi.
Degişli Habarlar

Aliýew Bilen Paşinýan Ispaniýada Duşuşar
Aliýew bilen Paşinýanyň 5-nji oktýabrda Ispaniýanyň Granada şäherinde duşuşmagyna garaşylýar.