Amerikan Raýatlary Ukraina Üçin Söweşmek Isleýar

Russiýanyn Ukraina uruş yglan etmeginden soň Ukrainanyň tarapyndan söweşmek isleýän müňlerçe amerikan raýaty Ukrainanyň Waşingtondaky Ilçihanasyna ýüz tutdy.

1793008
Amerikan Raýatlary Ukraina Üçin Söweşmek Isleýar

Meýletin gulluk etmek isleýänler Ukrainanyň Waşingtondaky İlçihanasynyň öňünde uzyn nobata durdular.

Ukrainaly diplomatlar meýletinleri bellige almaga başlan bolsa, ilçihananyň harby komissarlyk ýaly iş alyp barýandygyny beýan edýänler hem bar.

Ukrainanyň Harby attaşesi general maýor Borys Kremenski meýletinleriň hakynatutma däldigine ünsi çekip, onuň diňe adamlaryň Ukrainanyň azatlyk söweşine bolan goldawynyň görkezijisidigini nygtady.

Rus hüjümleriniň 24-nji fewralda başlamagyndan bäri azyndan 6 müň meýletiniň ýüztutmasyny kabul edendiklerini aýdan Kremeneski, meýletinleriň esasy böleginiň tejribesizdigini beýan etdi.

Häzirki wagta çenli esasy bölegi ozalky harby gullukçy 100 amerikalymnyň Ukraina gidendigini aýdan Kremeneski, meýletinleriň öz mümkinçilikleri bilen Polşanyň üsti bilen ýurda gidip biljekdiklerini mälim etdi.

Amerikan tarapy bolsa raýatlarynyň Ukraina söweşmäge gitmegine oňyn garamaýan bolsa, döwlet Sekretary Entoni Blinlen “Ukrainadaky raýatlarymyza ýurtdan çykmaklary we amerikalylara şol ýurda gitmezlikleri üçin aç-açan duýduryş berýäris” diýipdi.



Degişli Habarlar