Halkara Günä geçişlik guramasy: "Çernigowdaky rus howa hüjümleri harby jenaýaty emele getirip biler"

Halkara Günä geçişlik guramasy, Russiýanyň Ukrainanyň Çernigow şäherine guran howa hüjümleriniň harby jenaýaty emele getirip biljekdigini habar berdi

1792638
Halkara Günä geçişlik guramasy: "Çernigowdaky rus howa hüjümleri harby jenaýaty emele getirip biler"

Halkara Günä geçişlik guramasy Russiýanyň 3-nji martda Ukrainanyň Çernigow şäherinde asuda ilatdan 47 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen howa hüjümleriniň harby jenaýaty emele getirip biljekdigini mälim etdi. 

Merkezi Britaniýada ýerleşýän gurama hüjüm bilen baglanşykly geçirilen derňewden soň beren beýanatynda: "Bu örän elhenç bir hüjüm, Ukrainanyň halkynyň häzirki wagta çenli sezewar galan iň elhenç hüjümleriniň biri. Halkara Jenaýat Kazyýetiniň prokurory, bu hüjümi harby jenaýat hökmünde derňemeli" diýip habar berdi. 

Beýanatda 3-nji mart güni günortandan soň Çernigow şäherindäki iki köçe tarapyndan emele getirilen halk meýdançasyna köp sanly bomba bilen hüjüm guralandygy, wakada köp sanda adamyň ýogalandygy we golaýdaky binalara uly zeper ýetendigi aýan edildi. 

Gurama hüjümiň guralan mahaly ýa-da golaýynda harby nyşananyň bolmandygy bellenen beýanatda, guramanyň krizis dolanşyk toparynyň, täze reportažlaryň we wideo subutnamalaryň  tassyklanmagyna we analizlere esaslanyp, hüjümde azyndan 8 bombanyň ulanylandygy baradaky netijä gelinendigi beýan edildi. 

Çernigow welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda, rus goşunynyň Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň demirgazyk-gündogaryndaky Çernigow şäherine 3-nji martda guran howa hüjümlerinde 47 adamyň ýogalandygyny, 18 adamyň bolsa harabalyklaryň aşagyndan halas edilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar