Russiýada Söweşe Garşy Protestler Dowam Edýär

Russiýada 20 şäherde geçirlen ýörişlerde 350 adam saklandy.

1789746
Russiýada Söweşe Garşy Protestler Dowam Edýär

Russiýada, Ukraina bilen söweşiň bes edilmegi we parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin geçirilýän protestler dowam edýär.

Düýn paýtagt Moskwanyň we Sankt-Peterburg şäherleriniň başda durmagynda birnäçe şäherde Russiýa-Ukraina söweşine garşy geçirlen protest ýörişlerine ýüzlerçe adam gatnaşdy.

Paýtagt Moskwada protest ýörişine garşy berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Manežnaýa meýdanynda geçirlen ýörişde söweşe garşy şygarlar aýdyldy.

Protest ýörişlerinde rus hökümetinden Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi we parahatçylygyň üpjün edilmegi talap edildi.

Russiýada 20 şäherde geçirlen ýörişlerde 350 adam saklandy.

Ýurduň çar tarapynda 24-nji fewraldan bäri söweşe garşy geçirilýän ýörişlerde 8 müň 100-den gowrak adamyň saklanandygy nygtalýar.

 



Degişli Habarlar