“Haýyşt Edýärin Söweşi Bes Et”

Rus esgerleriniň enelerine ýüzlenen Ukrainanyň lideri “Haýyşt edýärin, geliň perzentleriňizi alyň. Ýaşajyk ýigitler morgda ýatmaly däl” diýdi.

1789405
“Haýyşt Edýärin Söweşi Bes Et”
kharkov hasar (9).jpg
kharkov hasar (7).jpg
kharkov hasar (6).jpg
kharkov hasar (1).jpg

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý rus kärdeşi Wladimir Putine “Haýyşt edýärin söweşi bes et. Şertsiz gepleşik geçireli” diýdi.

Zelenskiý, Russiýanyň guraýan harby hüjümleriniň 8-nji gününde metbugata beýannama berdi.

Watanyny goramalydygyny nygtan Zelenskiý, “Men ýogalan her bir ynsan üçin uly gynanç bildirýärin. Her bir adam üçin gorkýaryn. Geljek nesillerimiz hakynda pikirlenýärin” diýdi.

“Howa giňişliginiň dolulygyna ýapylmagyny isleýärin, sebäbi Russiýadan däl Belarusdan raketalar atylýar” diýen Zelenskiý, “Biz sowet döwründen galan uçarlary tapdyk. Şolar bilen uçmalymy? Biz döwletimizi Russiýadan goraýarys. Bize uçar gerek. Uçarsyz hiç zat edip bilmeýäris. Uçarymyzyň bolmazlygy adam pidasynyň çekilmegine sebäp bolýar” diýdi.

Rus esgerleriniň enelerine ýüzlenen Ukrainanyň lideri “Haýyşt edýärin, geliň perzentleriňizi alyň. Ýaşajyk ýigitler morgda ýatmaly däl” diýdi.

Kärdeşi Putine ýüzlenen Zelenskiý “Meniň bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşişiň ýaly bilen 30 metr aralykdan gepleşme. Biz goňşy. Gel meniň bilen gepleş. Biz seniň üçin howply däl, biz terrorçy däl, söweşi bes etmegiňiz haýyşt edýärin. Şertsiz gepleşik geçireli” diýdi.

Howpsyzlyk meselesinde kepilnama berip bermejekdikleri hakyndaky soraga jogap beren Zelenskiý, “Biz Russiýa hüjüm etmeýäris, biziň ýadro ýaragymyz barmy?” diýip jogap berdi.

Zelenskiý, dünýäniň Ukraina meselesinde gijä galandygyny nygtap, birnäçe ýurtda söweşe garşy geçirilýän protest ýörişlerine ünsi çekdi.

 

 

 



Degişli Habarlar