Russiýa Ukrainanyň Wekiliýetine Garaşar

Dmitriý Peskow rus wekiliýetiniň gepleşikler üçin Ukrainanyň wekiliýetine agşam ara garaşjakdygyny beýan etdi.

1788529
Russiýa Ukrainanyň Wekiliýetine Garaşar

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow rus wekiliýetiniň gepleşikler üçin Ukrainanyň wekiliýetine agşam ara garaşjakdygyny beýan etdi.

Peskow Russiýa bilen Ukrainanyň wekiliýetleriniň şu gün Belarusda gepleşikleriň geçirilmegi we ýurduna goýulan giň gerimli ykdysady sanksiýalar hakynda beýannama berdi.

Gepleşikler hakynda käbir çapraz beýanatlaryň berilendigine ünsi çeken Peskow; “Wekiliýetimiz şol ýerde bolar we agşam ara gepleşiklere başlamak üçin taýýar bolar” diýdi.

Dmitriý Peskow gepleşikleriň netijesi hakynda garaýyş beýan etmekden çetde durup; “Beýle garaýyşlar beýan etmerin, men önden biliji däl. Häzirki wagtda ukrain wekiliýetiniň gelip gelmejekdigini çak edip bileris. Biz gelmegini tama edýäris” diýdi.

Russiýa goýula sanksiýalary duşmançylykly diýip häsýetlendiren Peskow; “Rus ykdysdyýeti häzirki wagtda agyr gysyş astynda, uly zarba diýip bilerin. Hpwpsuzlyk paýymyz we maksatnamamyz bar. Ýokary depginli tagallalar dowam edýär. Ygrarly durarys” diýdi.

Peskow Russiýa goýulan sanksiýalaryň göwrümi göz öňünde tutulanda, egilşiksiz we gyşarnyksyz hereket etmekleriniň möhümdigini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar