Putiniň Awstraliýa Girmegi Gadagan Edildi

"Putin, Ukraina garşy guralýan hüjümleriň jogapkäri"

1787176
Putiniň Awstraliýa Girmegi Gadagan Edildi

Awstraliýanyň Premýer-ministri Skot Morrison, Russiýanyň Ukraina garşy guraýan harby hüjümlerinden jogapkär döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Russiýanyň howpsyzlyk geňeşiniň agzalarynyň ýurda girmeginiň gadagan edilendigini mälim etdi.

Morrison Ukraina hüjüm eden Russiýa goýlan sanksiýalar hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Russiýanyň halkara hukugyny we BMG-nyň düzgünlerini basgylandygyny aýdan Morrison, “Putin, Ukraina garşy guralýan hüjümleriň jogapkäri. Şol sebäpli hem Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Premýer-ministr Mihail Muşsişsin bilen birlikde İçeri işler ministri Wladimir Kolokltsewe syýahat gadagançylygy goýuldy. Ady agzalýan rus resmileriniň ýurdumyza girmegi gadagan edildi” diýdi.

Mossison rus ýolbaşçylar bilen birlikde belarusly käbir resmileriň we guramalaryň hem sanksiýa sanawyna degişli edilendigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar