Ukrainanyň goşuny rus güýçleriniň Kiýewiň golaýyndaky Irpin şäherini basyp almagyna päsgel berdi

Ukrainanyň goşuny ýurdyň paýtagty Kiýew şäheriniň golaýyndaky Irpin şäherini basyp almaga synanyşan Russiýanyň harby güýçlerini yzyna serpikdirdi

1786760
Ukrainanyň goşuny rus güýçleriniň Kiýewiň golaýyndaky Irpin şäherini basyp almagyna päsgel berdi

Ukrainanyň Baş ştabyndan berilen beýanatda, Russiýanyň harby birikmeleriniň howa we gury ýer hüjümleriniň dowam edýändigi mälim edildi. 

Russiýanyň harby güýçleriniň hüjümlerinde harby we raýat howa menzillerini, ştab merkezlerini, howa goranyş ulgamlarynyň desgalaryny, möhüm tankydy infatsruktura desgalaryny, ýaşaýyş ýerlerini nyşana almaga dowam edýändigi bellenen beýanatda, ruslaryň Irpin şäherini basyp almak üçin eden hüjümleriniň netijesiz bolandygyna ünsler çekilip: "Ukrainanyň harby güýçleri duşmanyň täze harby tehnikalaryny ýok etdi. Ähli ugurlarda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň taňklary we mehanizirlenen birikmeleri, artileriýasy bilen kesgitlenen liniýalaryň goranyşyny öz gözegçiliginde saklaýar. Ukrainanyň Harby-howa güýçleri duşmanyň howa hüjümlerini yzyna serpikdirýär" diýip habar berildi. 

Mundan başgada beýanatda 3-15 aralygyndaky Ukrainanyň harby egin eşigini geýen rus sabotaž toparlaryna garşy ulgamlaýyn häsýetde göreşiň alynyp barylýandygy aýan edildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň harby güýçleri Azow deňiziniň kenarynda ýerleşýän Berdýansk şäherindäki ähli döwlet edaralarynyň binalarynyň gözegçiligini ele geçirdi. 

Ukrainanyň BMG-daky hemişelik wekili Sergiý Kyslytsýa rus esgerleriň ýagdaýlaryndan habardar bolmak isleýän ýakynlary üçin ýörite telefon liniýasynyň döredilendigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #Kiýew , #Irpin , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar